“Gyrawlysuw” kompaniýasy “LORS” haryt nyşanly ýerli sowadyjylaryň önümçiligini ýola goýdy

BT
“Gyrawlysuw” kompaniýasy “LORS” haryt nyşanly ýerli sowadyjylaryň önümçiligini ýola goýdy
“LORS” haryt nyşanly taýýar sowadyjylar (Surat: “Türkmenistan” gazeti)

“Gyrawlysuw” hojalyk jemgyýeti “LORS” haryt nyşanly ýerli sowadyjylarynyň önümçiligini ýola goýdy. Bu kärhana Türkmenistanda öý hojalyk tehnikasynyň bu ugruny özleşdiren ilkinji kärhanalaryň biridir. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Kärhananyň önümçilik binasy geçen ýylyň sentýabrynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Peşanaly şäherçesinde 0,78 gektar meýdanda gurlup ulanmaga berildi. Häzirki wagtda bu ýerde söwda nokatlaryna, edara-kärhanalara we şahsy hojalyklara niýetlenen sowadyjylaryň ýedi görnüşi öndürilýär.

Kompaniýanyň önümçilik bölüminiň başlygy Arslan Güjümowyň aýtmagyna görä, kärhanada Hytaýdan we Eýrandan getirilen sanly ulgama esaslanýan enjamlar ornaşdyryldy. Şeýle hem takmynan 10 hünärmenden ybarat işgärleriň aglabasy önümçilik tehnologiýalaryny özleşdirmek üçin degişli ýurtlarda tejribe geçdiler.

Kompaniýanyň wekiliniň bellemegine görä, taýýar önümler dürli göwrümli we reňkli bolup, aýnaly hem-de ýapyk gapyly görnüşlerde öndürilýär we olar halkara ülňülerine laýyk gelýär.

Arslan Güjümow himiki çig malyň käbir görnüşleriniň daşary ýurtlardan getirilýändigini, sowadyjynyň bezeginde ulanylýan polipropileniň we ýylylyk izolýasiýasyny üpjün edýän dykyzlandyryjy köpürjikleriň bolsa ýerli öndürijilerden satyn alynýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu önümiň özüne düşýän gymmatyny arzanlatmaga we ilata has elýeterli nyrhlardan hödürlemäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem kärhana lomaý alyjylara önümleri üçin üç ýyl kepillik berýär.

Kompaniýanyň önümçilik bölüminiň başlygynyň aýtmagyna görä, kärhana ýakyn wagtda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 35 ýyllygy mynasybetli sowadyjylaryň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmagy we täze iş orunlaryny döretmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem kompaniýa geljekde sowadyjy enjamlary eksport bazarlaryna çykarmak mümkinçiligine hem garaýar.

2022