“Aýbölek” kärhanasy bilim edaralary üçin 100 müňden gowrak mebel öndürdi

BT
“Aýbölek” kärhanasy bilim edaralary üçin 100 müňden gowrak mebel öndürdi
Okuw üçin niýetlenen mekdep partalary

“Aýbölek” haryt nyşanly mebel kärhanasy Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen baglaşan şertnamasynyň esasynda mekdep wagtyna çenli orta we ýokary okuw mekdepleri üçin 100 müňden gowrak mebel önümini öndürdi. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berdi.

Telekeçi Meretmuhammet Täçmuhammedowyň ýolbaşçylyk edýän kärhanasy mekdep partalaryny, synp tagtalaryny, çagalaryň egin-eşiklerini ýerleşdirmek üçin niýetlenen mebelleri, mugallymlaryň tekjelerini, şeýle hem çagalar baglary üçin dürli mebel önümlerini öndürýär.

2010-njy ýylda önümçilige başlan kärhana häzirki wagtda Aşgabat şäherindäki önümçilik toplumynda agajy gaýtadan işlemek, metal gurnamalar we beýleki önümçilik bölümlerini, ammarlary hem-de söwda dükanyny özünde jemleýär.

“Aýbölek” mebel kärhanasy şeýle hem ýaşaýyş jaýlary, edara binalary, ofisler, myhmanhanalar, naharhanalar, sport we lukmançylyk desgalary üçin dürli görnüşli mebel önümlerini, gapylary hem-de demir penjireleri öndürýär.

Kärhana daşary ýurtlaryň mebel öndürijileri bilen hyzmatdaşlykda önümçiligini kämilleşdirýär. Şeýle hem bu ýerde öndürilen mekdep partalary Gazagystan Respublikasyna hem eksport edilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС