“Ak ýaprak” aýda 1 müň 200 tonna miwe şiresini öndürýär

BT
“Ak ýaprak” aýda 1 müň 200 tonna miwe şiresini öndürýär
“Ak ýaprak” kärhanasynda miwe şireleriniň öndürilýän pursady, (Surat: “Ahal durmuşy” gazeti)

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Sünçe obasynyň çäginde ýerleşýän “Ak ýaprak” hojalyk jemgyýetinde bir aýda ortaça 1 müň 200 tonna, bir ýylyň dowamynda bolsa 14 müň 400 tonna miwe şireleri öndürilýär. Bu barada “Ahal durmuşy” gazetiniň penşenbe günündäki sanynda habar berilýär.

Tomus möwsüminde miwe şirelerine we sowuk içgilere bolan islegiň artmagy bilen kärhanada önümçilik iki çalşykda ýola goýulýar. Bu kärhana 5 gektar meýdanda ýerleşip, onda miwe şirelerini ýuwmak, taýýarlamak, gaplamak we hil barlag işleri alnyp barylýar. Şeýle hem bu ýerde çig maly saklamak we taýýar önümleri kabul etmek üçin ammarlar hem-de sowadyjy desgalar hem bar.

Kärhanada “7gün”, “Aýla” we “Içäý” haryt nyşanlary bilen alma, şetdaly, limon, pyrtykal, pomidor we gara smorodina tagamly miwe şireleri, şeýle hem sowuk çaýlar öndürilýär. Şeýle hem bu kärhanada Şwesiýanyň, Türkiýäniň, Gollandiýanyň we Italiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň sagatda 7 müň litr miwe şiresini öndürmäge mümkinçilik berýän enjamlary ornaşdyrylandyr.

Mundan başga-da kärhanada önümler gaplanmazdan ozal hil barlagyndan geçirilýär. Miwe şireleri bolsa 0,33, 0,95 we 1 litrlik gaplarda öndürilip, olary gaplamak üçin zerur materiallar Türkiýeden, Russiýa Federasiýasyndan we Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alynýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhana 2014-nji ýylda işe girizildi. Şeýle hem kärhananyň önümleri ýurdumyzyň içerki bazary bilen bir hatarda daşary döwletleriň onlarçasyna eksport edilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС