“Türkmennebit” döwlet konserniniň düzümindäki “Nebitgazdüýpliabatlaýyş” trestiniň Barsagelmez ýatagynyň guýularyny düýpli abatlaýyş müdirligi ýylyň başyndan bäri önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden 93 sany guýyny gaýtadan hatara goşdy. Bu barada “Nebit-Gaz” gazetiniň çarşenbe günündäki sanynda habar berildi.
Guýylaryň 75-siniň önümçilige girizilmegi netijesinde goşmaça 26 müň 500 tonnadan gowrak nebit alyndy, bu görkeziji bolsa bellenen meýilnamanyň 134 göterimine deň boldy.
Müdirlik önümçiligi kemelen ýa-da bes edilen guýularda düýpli abatlaýyş işlerini dowam etdirýär. Şeýle çäreler ozal işlemeýän guýulary gaýtadan önümçilige çekmäge mümkinçilik berýär.
Hünärmenler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynyň ahyryna çenli abatlaýyş işlerini dowam etdirmegi maksat edinýärler. Şeýle hem täze hatara goşulýan guýularyň hasabyna goşmaça alynýan nebitiň umumy möçberini artdyrmak meýilleşdirilýär.

















