Koreýanyň Türkmenistandaky ilçisi Li Wonje 26-njy awgustda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna (TNGZIT) baryp, önümçilik desgalarynyň işi we Türkmenistanda işleýän koreý kompaniýalarynyň alyp barýan taslamalary bilen tanyşdy. Bu barada Koreýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Saparyň dowamynda ilçi Li Wonje Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýolbaşçysy Döwran Çişiýew bilen hem-de koreý kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.
Duşuşykda taraplar Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işlemek pudagyndaky hyzmatdaşlygyny we koreý kompaniýalarynyň Türkmenistandaky alyp barýan taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçi koreý kompaniýalaryna iş alyp barmak üçin TNGZIT-iň berýän goldawy üçin toplumyň ýolbaşçylaryna minnetdarlygyny bildirip, kompaniýalaryň TNGZIT-i döwrebaplaşdyrmak we tehniki taýdan hyzmat etmek boýunça taslamalara gatnaşmagyny mundan beýläk hem artdyrjakdygyna umyt bildirýändigini aýtdy.
Şeýle hem ilçi saparyň çäginde “Koryo Shipbuilding Industry Technology (KSIT)” we “Yuhan Tech” kompaniýalarynyň wekilleri bilen hem duşuşdy. Ol duşuşykda taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň gidişi bilen tanyşdy we kompaniýalaryň Türkmenistandaky işi bilen bagly ýüze çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

















