Türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde umumy sapak geçiriler

BT
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde umumy sapak geçiriler
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlara umumy sapak geçýän pursady, 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabry (Surat: metbugat.gov.tm)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň ýaşlary, talyplary we mekdep okuwçylary bilen umumy sapak geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýtdy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabatda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, şeýle-de Türkmenistanda birnäçe okuw mekdeleriniň we çagalar bagynyň dabaraly ýagdaýda açyljakdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany degişli ýolbaşçylara ýokary okuw mekdeplerinde 1-nji sentýabrda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guramaçylyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti “Biz geljekde hem bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesillerimize döwrebap bilim bermek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris” diýip, mejlise gatnaşyjylary, bilim işgärlerini we ýaşlary Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen gutlady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022