Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 2026-njy ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda 14 milliard 30 million 940 müň manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.
Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 11 milliard 202 million 880 müň 494 manada ýetdi.
Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 2 milliard 185 million 725 müň 326 manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 64 million 781 müň 611 manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.
Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 384 million 251 müň 901 manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 6 million 11 müň 343 manatdan geçdi.
Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 187 million 289 müň 924 manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

















