“World Tourism Forum Institute” halkara syýahatçylyk guramasynyň resmi neşiri bolan “World Magazine” žurnalynyň 18-nji sany tutuşlygyna Türkmenistana bagyşlandy. 60 sahypalyk ýörite neşir ýurduň medeni mirasyna, ykdysadyýetine, syýahatçylyk mümkinçiliklerine we Ýewraziýadaky üstaşyr ulag merkezi hökmünde ornuna ünsi çekýär.
“Turkmenistan 2026: Independent Neutral Turkmenistan, the Homeland of Purposeful Winged Horses” diýen sözbaşy bilen çap edilen ýörite san Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlandy. Neşiriň baş sahypasynda bolsa ahal-teke bedewiniň suraty ýerleşdirildi.
Žurnalda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy, Hazar deňzindäki orny, Türkmenbaşy halkara deňiz porty, ýurduň ykdysady ösüşi we syýahatçylyk mümkinçilikleri barada makalalar ýerleşdirildi. Şeýle hem žurnalda Ahal-teke bedewlerine, türkmen alabaýyna, Magtymguly Pyragynyň mirasyna we ýurduň taryhy-medeni ýadygärliklerine aýratyn orun berildi.
Neşirde Aşgabat şäheri, Derweze gaz krateri, Ýaňgala jülgesi we Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ýaly ýerler hem daşary ýurtly okyjylara tanyşdyrylýar. Mundan başga-da Türkmenistanyň syýahatçylyk we maýa goýum mümkinçilikleri, barada hem gürrüň edilýär.
“World Magazine” žurnaly “World Tourism Forum Institute” halkara syýahatçylyk guramasynyň resmi neşiri bolup, žurnal satylmaýar we diňe maglumat maksady bilen ýaýradylýar. Neşirde dünýä syýahatçylygynyň ösüşi, pudakdaky häzirki ösüşler, maýa goýumlar we syýahatçylyk pudagynyň geljegi bilen bagly meseleler beýan edilýär.

















