Türkmen türgenleri VI Bütindünýä Çarwadarlar oýunlaryna gatnaşýar

BT
Türkmen türgenleri VI Bütindünýä Çarwadarlar oýunlaryna gatnaşýar
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary Bişkek şäherinde VI Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarynyň açylyş dabarasynda, 2026-njy ýylyň 31-nji awgusty

Türkmenistanyň türgenleri 31-nji awgustdan 6-njy sentýabr aralygynda Gyrgyzystanda geçirilýän VI Bütindünýä Çarwadarlar oýunlaryna gatnaşyp, göreş we sportuň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlarda çykyş edýärler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Oýunlaryň açylyş dabarasy 31-nji awgustda Bişkek şäherindäki “Bişkek Arena” stadionynda geçirilip, bu halkara sport-medeni çäresine 100-den gowrak ýurduň türgenleri gatnaşýar. Ýaryşlaryň maksatnamasyna milli göreş, at çapyşyklary, ýaýdan ok atmak, intellektual oýunlar we beýleki milli sport görnüşlerini öz içine alýan 43 görnüş girizildi.

Ýaryşlaryň ilkinji gününde Türkmenistanyň türgenleri iki medal gazandy. Annagurban Allaberdiýew göreş boýunça 31 ýurtdan gelen türgenlerden öňe saýlanyp, ýeňiji boldy. Kemal Kemalow bolsa 21 ýurduň türgenleriniň gatnaşan kuraş boýunça ýaryşynda bürünç medaly eýeledi.

Ýaryşlaryň bu görnüşler boýunça ýeňijilerine 100 müň gyrgyz somy, üçünji orny eýelän baýrakçylara bolsa 50 müň som möçberinde pul baýraklary gowşuryldy.

Esasy ýaryşlar Yssyk-Köl sebitindäki Çolpon-Ata şäherinde geçirildi. Oýunlaryň çäklerinde Gyrçyn jülgesinde döredilen 300-den gowrak ak öýden ybarat etno-şäherjikde çarwa durmuşynyň medeniýeti, amaly-haşam sungaty we däp bolan durmuş ýörelgeleri görkezilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС