Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda täze toplumda döredilen şertler bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Nahal” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan täze bilim toplumy 5 müň talyp üçin niýetlenendir. 26 gektara golaý meýdany eýeleýän toplumda baş bina, okuw binalary, mejlisler zaly, müň orunlyk naharhana, 2 müň orunlyk alty sany umumy ýaşaýyş jaýy, kitaphana, sport meýdançalary we beýleki desgalar ýerleşýär. Talyp ýaşlaryň ýaşamagy, sport bilen meşgullanmagy we medeni çäreleri geçirmegi üçin hem zerur şertler döredildi.
Institutynyň bäş gatly baş binasynda sekiz fakultet we 22 kafedra, şeýle hem mejlisler zaly we kitaphana ýerleşýär. Okuw otaglary häzirki zaman enjamlary we sanly tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin himiýa, biologiýa, fizika, zähmet we tehnologiýalaryň esaslary, defektologiýa ýaly ugurlar boýunça onlarça tejribehana döredildi. Toplumda arheologiýa we etnografiýa, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi muzeýleri hem bar. Bir milliona çenli kitaby saklamaga niýetlenen kitaphanada 700 orunlyk okalga zaly we 100 orunlyk elektron kitaphana göz öňünde tutuldy.
Açylyş dabarasynyň dowamynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna birnäçe halkara güwänamalary we minnetdarlyk haty gowşuryldy. Olaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň, “Geljege goşant” atly howandarlyk gaznasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň hem-de ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalary institutynyň güwänamalary we minnetdarlyk haty, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň agzalyk güwänamasy bar.

















