Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny tagta geçmegi bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny tagta geçmegi bilen gutlady
Norwegiýanyň Patyşasy Hokon VIII-iň Stortingiň öňünde kasam kabul ediş dabarasy, 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabry, (Surat: Morten Brakestad / Storting)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Hokon VIII-ä Norwegiýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Hokon VIII-ä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Norwegiýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Hokon VIII kakasy, Patyşa Harald V aradan çykandan soň, 2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda Norwegiýanyň tagtyna geçdi. Şol gün täze monarh Döwlet Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisinde çykyş edip, ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda patyşalyk ygtyýarlyklaryny öz üstüne alýandygyny we Hokon VIII adyny aljakdygyny yglan etdi.

Norwegiýanyň parlamentiniň resmi metbugat gullugynyň habar bermegine görä, 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Hokon VIII Norwegiýanyň Stortinginde (Norwegiýanyň parlamenti) ýurduň Konstitusiýasyna kasam kabul etdi.

2022
ENG TM РУС