Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň ýaşlary, talyplary we mekdep okuwçylary bilen bilelikde umumy sapak geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Umumy sapakda Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýaşlary gutlap, olara berk jan saglyk we ata Watanyň ösüşine mynasyp goşant goşmakda üstünlikleri arzuw etdi.
Milli Lider çykyşynda şahsyýeti kemala getirmek, ýaş nesliň durmuşdaky ornuny we ahlak gözýetimini kesgitlemek, şeýle-de Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, halkara giňişlikdäki orny hem-de öňde duran maksatlar barada durup geçdi. Ol ýaşlaryň Garaşsyz döwletiň mynasyp geljegi üçin giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmelidigine ünsi çekdi.
Çykyşda watansöýüjilik, milli mirasa we taryha hormat goýmak, ylym-bilim almak hem-de zähmetsöýerlik esasy gymmatlyklar hökmünde görkezildi. Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlary öz Watanynyň taryhyny we medeni mirasyny öwrenmäge, türkmen halkynyň milli edep-terbiýe kadalaryna eýermäge çagyrdy.
Milli Lider Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekdäki ähmiýetini hem belledi. Şeýle hem ýurdumyzyň ulag, energetika, ykdysadyýet we halkara hyzmatdaşlyk ugurlaryndaky başlangyçlaryna ünsi çekdi.
Umumy sapakda häzirki döwürde täze tehnologiýalaryň we emeli aňyň çalt ösýändigi bellenilip, ýaşlaryň sanly ulgamy ýerlikli peýdalanmalydygy nygtaldy. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda ýaşlaryň gatnaşmagynda “Akylly jemgyýet” konsepsiýasyny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny aýtdy.
Çykyşda bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, Türkmenistanda halkara ylym-bilim ýaşlar klasterlerini döretmek we ýaşlary intellektual hyzmatdaşlyga çekmek baradaky teklipler hem öňe sürüldi.
Milli Lider mugallymlaryň ýaş nesliň bilim we terbiýesinde möhüm orun eýeleýändigini belläp, olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmalydygyny aýtdy. Şeýle hem täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalarynyň, şeýle hem birnäçe orta mekdebiň we çagalar bagynyň açylyp ulanmaga berlendigini belledi.
Umumy sapagyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara berk jan saglyk, bagtyýarlyk we okuwlarynda hem-de durmuşynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

















