Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji sentýabrda Niderlandlaryň Kronenberg şäherinde geçirilen atçylyk boýunça dünýä çempionatynyň we ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisine gatnaşdy. Bu barada “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň çärä gatnaşan wekili habar berdi.
Marian Weltewreden "Pilbergen" atçylyk sport toplumynda geçirilen mejlisiň açylyşynda eden çykyşynda Ahalteke atlarynyň gözelligi boýunça dünýä çempionatynyň hem-de Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisiniň taryhda ilkinji gezek Ýewropada geçirilýändigini belledi. Şeýle hem ol türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke atlarynyň ösdürilmegine we olaryň halkara derejesinde tanadylmagyna goşan goşandyny aýratyn belläp geçdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde eden çykyşynda ahalteke atynyň taryhynyň türkmen halkynyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýtdy. Ol asyrlaryň dowamynda ahalteke atlarynyň türkmen halkynyň wepaly dosty, ýoldaşy hem-de buýsanjy bolandygyny belläp, bu tohumyň milli medeniýetde we mirasda aýratyn orun eýeleýändigini nygtady.
Mejlisiň dowamynda Limburg welaýatynyň Korol komissary Emil Rumer, Niderlandlaryň döwlet ministri, ýurduň öňki Premýer-ministri Ýan Peter Balkenende, Ýewropa we Demirgazyk Amerikanyň ÝUNESKO klublary federasiýasynyň hem-de "International Action Art" guramasynyň prezidenti Ioannis Maronitis, şeýle hem Ispaniýanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Blanka de Toledo çykyş etdiler.
Emil Rumer halkara çempionatynyň Limburgda geçirilmeginiň atçylyk sportunyň welaýatda jemgyýetçilik we sport durmuşynyň möhüm bölegi bilen bagly däp-dessurlara laýyk gelýändigini aýtdy. Ýan Peter Balkenende bolsa atlaryň we atçylyk sportunyň halklaryň we döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde möhüm orun eýeleýändigini belläp, Niderlandlarda geçirilýän bu çäräniň medeni alyş-çalyş we halkara hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilik döredýändigini nygtady.
Blanka de Toledo Ispaniýada ahalteke atçylygynyň ösdürilişi, şeýle hem tohumyň aýratynlyklaryny gorap saklamak, at eýeleriniň we at idedijileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de Ahalteke atlaryny wagyz etmek boýunça ispan assosiasiýasynyň alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Ol bu gadymy tohumy gorap saklamak we mundan beýläk-de ösdürmek üçin Türkmenistanyň we halkara jemgyýetçiliginiň bilelikde işlemeginiň zerurdygyny aýtdy.
Çäräniň çäklerinde Ahalteke atçylyk assosiasiýasy türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa onuň Ahalteke atlarynyň däp-dessurlarynyň goralmagyna we bu tohumyň dünýäde ösdürilmegine goşan goşandynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde "Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin" atly şahadatnamany we abraýly baýragy gowşurdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri minnetdarlyk bildirip, bu baýragyň ilkinji nobatda dünýäde meşhur ahalteke atlarynyň watany bolan türkmen halkyna we Türkmenistana goýulýan hormatyň nyşanydygyny belledi.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri baýrak üçin guramaçylara, şeyle hem myhmansöýerligi we çäreleriň üstünlikli geçirilmegine goşant goşandygy üçin Kronenberg şäheriniň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi. Atçylyk boýunça dünýä çempionaty we Ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi Kronenberg şäherinde 4–6-njy sentýabr aralygynda geçirildi.








