Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýewiň 7-nji sentýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Denis Trefilow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň netijeleri boýunça 8-nji sentýabrda Türkmenistanyň DIM-inde GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek mejlislerine taýýarlyk meselelerini ylalaşmak boýunça Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň GDA bilen özara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde oktýabr aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere taýýarlyk görmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Taraplar öňümizdäki çäreleriň geçirilmegine taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk meselelerini we özara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän beýleki möhüm meseleleri boýunça pikir alyşyldy.
Resminama 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek öňümizdäki mejlisleriň guramaçylyk we mazmun taýdan utgaşykly taýýarlanmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.














