Türk ilçisi Aşgabatdaky “Mosaic Visa” wiza merkeziniň işi bilen tanyşdy

BT
Türk ilçisi Aşgabatdaky “Mosaic Visa” wiza merkeziniň işi bilen tanyşdy
Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Şener Jebejiniň Aşgabatdaky “Mosaic Visa” wiza merkezindäki saparyndan pursat (Surat: Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň X sahypasy)

Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji Aşgabatdaky “Mosaic Visa” wiza merkezine baryp, merkezde işleriň guralyşy bilen tanyşdy.

Saparyň dowamynda diplomat ýüz tutmalary kabul etmegiň we wiza arzalaryny tabşyrmagyň tertibini öwrendi. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýä wiza arzalarynyň kabul edilmegi boýunça resmi operator bolan “Mosaic Visa” wiza merkeziniň täze ofisi 4-nji maýda işe başlady. Ol 2127-nji köçesiniň (G. Kulyýew adyndaky), 88-nji jaýynda ýerleşýän “Nowruz haly” binasynda ýerleşýär.

Wiza almak isleýän raýatlar resminamalary kompaniýanyň onlaýn portaly arkaly ýa-da wiza merkezine şahsy ýüz tutmak arkaly tabşyryp bilerler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022