Türkmen wekiliýeti Baku şäherinde Hökümetara TRASEKA Komissiýasynyň (HKTK TRASEKA) Hemişelik sekretariatynyň merkezinde gibrid görnüşde geçirilen “Multimodal sanly Hazarüsti geçelgesini ösdürmek: usulyýet we indiki ädimler” atly 22-nji halkara seminara gatnaşdylar.
“AZERTAC” habarlar agentliginiň Azerbaýjanyň Sanly ösüş we ulag ministrligine salgylanyp habar bermegine görä, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy (BMG ÝYK), HKTK TRASEKA-nyň Hemişelik sekretariaty we ösüş boýunça hyzmatdaşlar seminara bilelikde guramaçylyk etdiler.
Çärä TRASEKA we SPEKA sebitlerindäki ýurtlaryň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary we bilermenleri, Ýewropa Komissiýasynyň, Bütindünýä bankynyň, GIZ-iň, ITC-niň wekilleri hem-de işewürlerleri bilen birlikde Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Bolgariýanyň, Gruziýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Rumyniýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Ukrainanyň wekilleri gatnaşdy.
Seminaryň dowamynda BMG-niň CEFACT standartlary esasynda işlenip taýýarlanan Hazarüsti sanly geçelgesiniň usulyýet taslamasyna garamak we maglumatlary alyşmagyň öňdebaryjy tejribeleri ara alyp maslahatlaşyldy. Bilermenler demir ýol, deňiz, awtomobil we howa ulaglary arkaly ýük daşamalary sanlylaşdyrmak boýunça synag taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berdiler.

Çärä gatnaşyjylar aýry-aýry synag taslamalaryndan multimodal sanly geçelgäni iş ýüzünde doly ornaşdyrmaga geçmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hökümetara TRASEKA Komissiýasynyň Baş sekretary Žasurbek Çoriýew sanlylaşdyrmagyň halkara ugurlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegiň möhüm şertine öwrülendigini belledi.
“Elektron resminamalaryň özara ykrar edilmegini, dolandyryş işleriniň sazlaşdyrylmagyny we BMG-niň CEFACT standartlary esasynda sanly platformalaryň özara sazlaşygyny üpjün etmek esasy meseleleriň biridir” diýip, Çoriýew aýtdy.
Üç tematiki sessiýanyň we bilermenleriň geçiren tegelek stolunyň dowamynda ýük daşamak üçin zerur resminamalary sanly görnüşe geçirmek, kadalaşdyryjy talaplary ýakynlaşdyrmak we maglumat alyş-çalşygynda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Seminar 2023-nji ýylyň noýabrynda SPEKA sammitinde ýurtlaryň liderleri tarapyndan tassyklanan Hazarüsti ugry boýunça multimodal maglumat alyş-çalşygyny sanlylaşdyrmak boýunça Ýol kartasynyň durmuşa geçirilmeginde nobatdaky amaly ädim boldy.
Bu başlangyç 2022-nji ýylda geçirilen Baku maslahatynyň we 2023-nji ýyldaky SPEKA ministrler beýannamasynyň çäklerinde kabul edilen çözgütleri ösdürýär. Şeýle hem 2025–2026-njy ýyllarda Türkmenistanda, Bakuda we Astanada geçirilen sebit seminarlarynyň netijelerini jemleýär.

















