Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze ilçisini kabul etdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze ilçisini kabul etdi
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýuk Pýer Dewin (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýuk Pýer Dewini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigine wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle hem ol Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antonio Koştanyň we Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýeniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny ýetirdi.

Döwlet Baştutany Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ilçini täze diplomatik wezipesi bilen gutlady we oňa Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak jogapkärli işinde üstünlikler arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýändigi bellenildi. Taraplar syýasy dialogy dowam etdirmek, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmagy işjeňleşdirmek boýunça pikirlerini beýan etdiler.

Şeýle hem duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde bellenildi. Döwlet Baştutany söwda dolanyşygyny artdyrmak, Ýewropa ýurtlarynyň kompaniýalary bilen işewür gatnaşyklary giňeltmek we täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Mundan başga-da, energetika, ulag we logistika, senagat, oba hojalygy, sanly tehnologiýalar hem-de daşky gurşawy goramak ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigi bellenildi. Şeýle hem Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykýan ugurlary we Hazarüsti ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini ösdürmek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hem-de "Ýaşyl" ykdysadyýete geçmek boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi wagt tapyp kabul edendigi üçin Döwlet Baştutanyna ýene bir gezek hoşallygyny bildirip, Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022