Fransiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

BT
Fransiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alena Grand (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alena Grandy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Fransiýada Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şeýle hem ol Prezident Emmanuel Makronyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny ýetirdi.

Döwlet Baştutany Fransiýanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ilçini täze diplomatik wezipesi bilen gutlady we oňa jogapkärli işinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanyň Ýewropadaky esasy hyzmatdaşlarynyň biridigi bellenildi. Türkmenistan söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Fransiýanyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hem hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň özara ynanyşmak, hormat goýmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýändigini belläp, Türkmenistanyň energetika, ulag-logistika infrastrukturasy, ylym we medeniýet ugurlarynda täze başlangyçlary bilelikde durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alena Grand Türkmenistanda diplomatik wezipäni ýerine ýetirmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, iki ýurduň halklarynyň bähbidine döwletara hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС