“Türkmenhemrasy” ÝGPJ Parižde ilkinji Halkara kosmos sammitine gatnaşdy

BT
“Türkmenhemrasy” ÝGPJ Parižde ilkinji Halkara kosmos sammitine gatnaşdy
Halkara kosmos sammiti, 2026-njy ýylyň 9-10-njy sentýabry, Pariž, Fransiýa (Surat: Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenhemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Pariž şäherinde geçirilýän Halkara kosmos sammitine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar berýär.

Sammite türkmen wekiliýetinden Türkmenistanyň kosmos işlerini ösdürmäge we durmuşa geçirmäge gönüden-göni jogapkär milli ygtyýarly edara bolan “Türkmenhemrasy” ÝGPJ-nyň direktory Batyr Orazdurdyýew gatnaşdy.

Dürli ýurtlardan we halkara guramalaryndan, şeýle hem kosmos senagatyndan, ylmy jemgyýetçilikden we maýadarlar toparyndan 2 müňe golaý gatnaşyjyny bir ýere jemlän sammit 9-10-njy sentýabr aralygynda Pariž şäherinde geçirildi.

Sammitiň ilkinji gününde “tegelek stol” duşuşyklarynda we ugurdaş mejlislerde kosmosa dünýä derejesinde elýeterliligi üpjün etmek, kosmos infrastrukturasyny we senagat önümçiligini ösdürmek, emeli aňyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy, kosmos pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak barada pikir alşyldy. Şeýle hem sammite gatnaşyjylar Ýeriň hem-de okeanlaryň gözegçiligi boýunça halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bilen bagly giň gerimli meseleler barada hem maslahatlaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022