“Täze senagat” AGPJ “Greenhill 5W-30” motor ýagynyň önümçiligine başlady

BT
“Täze senagat” AGPJ “Greenhill 5W-30” motor ýagynyň önümçiligine başlady
“Täze senagat” AGPJ-da “Greenhill 5W-30” motor ýagynyň öndürilýän pursady

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän “Täze senagat” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Greenhill” haryt nyşanly çalgy ýaglarynyň hataryna 5W-30 belgili doly sintetik motor ýagyny goşup, onuň önümçiligine başlady.

Täze önüm Amerikan Nebit institutynyň (API) SP kategoriýasynyň talaplaryna laýyk formulalar esasynda öndürilýär. Ol häzirki zaman benzinli hereketlendirijiler üçin niýetlenip, ýokary temperatura çydamlylygy, ýagyň kemelmegine garşy durnuklylygy, ýangyjyň tygşytly ulanylmagyna ýardam etmegi, hereketlendirijini könelmekden goramagy we onuň arassalygyny saklamagy bilen tapawutlanýar.

Önümçilikde Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän ýokary hilli esas ýaglar, 2-nji we 3-nji topar esas ýaglary, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň, şol sanda “ExxonMobil” we “Shell” kompaniýalarynyň bilelikdäki kärhanasy bolan “Infineum” kompaniýasynyň goşundylary (prisadkalary) hem-de täze nesil önümçilik tehnologiýalary utgaşdyrylýar. Bu çemeleşme awtoulaglar, senagat enjamlary we ýörite tehnikalar üçin ýokary hilli, ygtybarly hem-de bäsdeşlige ukyply çalgy ýaglaryny öndürmäge mümkinçilik berýär.

Kärhanada häzirki wagta çenli “Greenhill” haryt nyşany bilen 10W-40, 15W-40 we 20W-50 görnüşli motor ýaglarynyň önümçiligi ýola goýuldy. 5W-30 doly sintetik görnüşiniň önümçilige girizilmegi bilen kärhana häzirki zaman ýeňil awtoulaglarynyň hereketlendirijileri üçin niýetlenen täze önümi bazara hödürleýär we önümçiliginiň gerimini giňeldýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda telekeçiligiň we senagat pudagynyň ösmegi, hususy pudagyň netijeli işlemegi üçin döredýän amatly şertlerinden ugur alyp, “Täze senagat” AGPJ importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini ösdürmegi, içerki bazary ýokary hilli ýerli önümler bilen üpjün etmegi, eksport mümkinçiliklerini giňeltmegi hem-de milli senagatyň durnukly ösüşine mynasyp goşant goşmagy maksat edinýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022