Türkmenistanda ilkinji türkmen-koreý "Ýerli tor" IT kärhanasy dörediler

BT

Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäginde türkmen-koreý işewür hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň "Amatly çözgüt" IT kompaniýasy bilen Koreýanyň "S&T System Inc." kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanda ilkinji türkmen-koreý "Ýerli tor" IT kärhanasyny döretmek barada ylalaşyga gol çekildi. Bu barada "Amatly çözgüt" hususy kärhanasynyň hünärmeni "Biznes Türkmenistan" internet neşirine habar berdi.

Döredilmegi meýilleşdirýän täze kärhanada Türkmenistanda serwerleri, maglumatlary saklaýyş ulgamlaryny we tor enjamlaryny öndürmek üçin önümçilik binýadyny döretmek maksat edinilýär. Taslamanyň çäginde koreý tarapy tehnologiýalary, tehniki çözgütleri we önümçilik tejribesini hödürlär, türkmen tarapy bolsa önümçiligi guramak, zerur infrastrukturany döretmek hem-de enjamlary içerki bazaryň talaplaryna laýyklaşdyrmak işlerini alyp barar.

Kärhanada enjamlary ýygnamak, sazlamak, synagdan geçirmek we programma üpjünçiligi bilen utgaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem önümleriň hiline gözegçilik etmek, kepillik we kepillikden soňky hyzmatlary ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär.

 

Şeýle hem iki ýurduň arasynda dörediljek bilelikdäki kärhanada geljekde önümçiligiň ýerli derejesini ýokarlandyrmak, täze tehnologiýalary özleşdirmek we türkmen hünärmenlerini taýýarlamak boýunça işler alnyp barlar. Kärhanada öndüriljek enjamlaryň bolsa döwlet edaralarynda, iri kärhanalarda, maglumat merkezlerinde we beýleki möhüm infrastruktura desgalarynda ulanylmagy göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da "Ojar Aziýa" hususy kärhanasy bilen "S&T System Inc." kompaniýasynyň arasynda ýol infrastrukturasyny, howpsuzlyk we ulag infrastrukturasyny dolandyrmak ulgamlaryny ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky memorandumyna gol çekildi. Bu ylalaşyklar iki ýurduň kompaniýalarynyň arasynda tehnologik we önümçilik hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС