Türkmenistan bilen Gazagystan Bakuwdan üstaşyr 3 mln tonna nebit geçirdi

BT
Türkmenistan bilen Gazagystan Bakuwdan üstaşyr 3 mln tonna nebit geçirdi
Baku–Tbilisi–Jeýhan (BTJ) turba geçirijisi arkaly nebit daşalýar

Baku–Tbilisi–Jeýhan (BTJ) turba geçirijisi arkaly 2026-njy ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda Türkmenistan bilen Gazagystan möçberi 3 million 28 müň 500 tonna barabar bolan nebiti geçirdi.

Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, “Azertac” neşiriniň habar bermegine görä, Türkmenistan bilen Gazagystanyň nebiti Baku–Tbilisi–Jeýhan turba geçirijisi arkaly degişli döwürde daşalan nebitiň umumy möçberiniň 18,1 göterimini düzýär.

Ýanwar–awgust aýlarynda Baku–Tbilisi–Jeýhan turba geçirijisi arkaly jemi 16 million 746 müň tonna nebit daşaldy. Onuň 13 million 717 müň 400 tonnasyny ýa-da 81,9 göterimini Azerbaýjanda çykarylan nebit emele getirdi.

Baku–Tbilisi–Jeýhan (BTJ) turba geçirijisi 1768 kilometr aralyga uzaýar. Ol Hazar deňzinden çykarylýan çig nebiti Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwdan başlap, Gruziýanyň üsti bilen Türkiýäniň Ortaýer deňzindäki Jeýhan portuna ýetirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022