Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda daşary ýurt walýutasyna jemi bahasy 21 million 248 müň 750 ABŞ dollaryna deň bolan geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Özbegistandan, Gazagystandan, Türkiýeden, Hytaýdan we Beýik Britaniýadan gelen işewürler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümlerini satyn aldylar. Şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen nebit we Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen reňksiz aýna önümleri ýerlenildi.
Mundan başga-da, ýerli telekeçiler içerki bazar üçin jemi bahasy 105 million 29 müň 750 manatlyk plastik poddonlary, polipropileni we polipropilen önümlerini, nah ýüplügi, halylary hem-de pagta süýümini satyn aldylar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda 93 sany geleşik hasaba alyndy.

















