Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri we Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma onuň dogany Şeýh Ahmed bin Raşid Al Maktumyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hatynda Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma we onuň maşgala agzalaryna gynanjyny hem-de ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
“Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size ruhy durnuklylyk we sabyrlylyk bersin! Merhumyň ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun!” diýip, Serdar Berdimuhamedow dileg etdi.
Şeýh Ahmed bin Raşid Al Maktum 2026-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda aradan çykdy we Dubaýyň hökümdarynyň diwany onuň aradan çykandygy mynasybetli emirlikde 10 günlük resmi ýas yglan etdi.

















