Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli türkmen halkynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag hatynda Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ýurduň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösýändigini, iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Milli Lideri gutlagynyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedowa ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna we halkyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen özgertmeleriniň üstünlikli dowam etmegini arzuw etdi.

2022
ENG TM РУС