Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

BT
Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin (Surat: kremlin.ru)

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk we jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Russiýanyň Prezidenti döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşýan uly goşandyny belledi hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna mähirli salamyny beýan etdi.

Serdar Berdimuhamedow mähirli gutlaglary üçin Wladimir Putine minnetdarlyk bildirip, onuň hoşniýetli arzuwlaryny tüýs ýürekden hormatyň we dostlugyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, Russiýanyň döwlet Baştutanyny Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasyna saýlawlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Serdar Berdimuhamedow ses berlişigiň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, Russiýanyň parlamentiniň täze düzümine ýurduň we raýatlarynyň bähbidine netijeli zähmet çekmegi arzuw etdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň we Russiýanyň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklara hem üns berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan özara ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022