Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýylyň ahyryna çenli 41 milliard manat maýa özleşdiriler

BT
Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýylyň ahyryna çenli 41 milliard manat maýa özleşdiriler
Aşgabat, Türkmenistan

“Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” esasynda şu ýylyň ahyryna çenli 41 milliard 200 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa goýum serişdeleri özleşdiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda eden çykyşynda aýtdy, diýip Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow maýa goýum syýasatynyň ykdysadyýeti depginli ösdürmegiň möhüm şertleriniň biridigini belläp, ýurtda maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini we munuň ýurduň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkitýändigini aýtdy.

Maýa goýum serişdeleriniň önümçilik we medeni-durmuş maksatly täze desgalary gurmaga hem-de bar bolan desgalary döwrebaplaşdyrmaga şert döredýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, şu ýyl ýurduň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler gönükdirildi. Bu serişdeleriň 68,5 göterimi önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna, 31,5 göterimi bolsa medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti ykdysadyýeti özgertmek, innowasion ösüşi gazanmak we hususy pudagyň paýyny giňeltmek arkaly býujetiň girdejileriniň artdyrylandygyny belledi. Şeýle hem ol ýurdy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutany ýurdy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, “Türkmenistany 2027-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС