Türkmenistanda himiýa we energetika pudaklarynda täze taslamalar durmuşa geçirilýär

BT
Türkmenistanda himiýa we energetika pudaklarynda täze taslamalar durmuşa geçirilýär
"Türkmennebit" döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (Surat: tngizt.gov.tm)

Türkmenistanda nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak, täze ýataklary özleşdirmek we himiýa senagatynda täze önümçilikleri döretmek boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, dünýäniň soňky gazananlary esasynda nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak esasy wezipeleriň biridir. Ýurtda uglewodorod serişdelerini gazyp almak, gaýtadan işlemek we eksport etmek, şeýle hem täze ýataklary özleşdirmek boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň düzüminde täze desgalar gurulýar. Şol bir wagtyň özünde Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreler görülýär.

Mundan başga-da “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek işleri dowam etdirilýär. Hususan-da, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna — ýylda harytlyk gazyň 10 milliard kub metrini öndürmäge niýetlenen döwrebap zawodyň gurluşygyna badalga berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň bellemegine görä, täze desgada 1 müňden gowrak iş ýeri dörediler.

Mejlisiň dowamynda himiýa senagatyna hem aýratyn üns berildi. Habarda bellenilişi ýaly Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynyň düzüminde bolsa mineral dökünleri öndürýän täze döwrebap toplumyň gurluşygy alnyp barylýar.

Mundan başga-da, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda azotly dökünleri öndürýän täze döwrebap toplumy, Balkan welaýatynyň “Balkanabat” ýod zawodynda tehniki ýod we brom hem-de tehniki uglerod öndürýän täze önümçilik desgalaryny, “Guwlyduz” kärhanasynda dürli görnüşli duzlary öndürýän önümhanany gurmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, oba hojalyk pudagynda çig maly gaýtadan işlemek boýunça taslamanyň çäginde Daşoguz welaýatynda 60 müň tonna tehniki pagta çigidini gaýtadan işlemäge we ösümlik ýagyny öndürmäge niýetlenen kärhananyň düýbüni tutmak meýilleşdirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň beýleki pudaklarynda hem täze taslamalar durmuşa geçirilýär. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda şu ýyl gurluşyk garyndylaryny we gipsokarton önümlerini öndürýän kärhanany işe girizmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň bellemegine görä, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda şu ýyl döwrebap köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi bilen energetika pudagynyň mümkinçilikleri ýokarlanar. Şol bir wagtyň özünde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda “Türkmenistanda öndürildi” diýen nyşanly ýokary hilli önümleri öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça hem çäreleriň görülýändigini belledi.

2022