Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama almak baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 146 sany adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beren hasabatynda aýtdy, diýip Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Hasabatda bellenilişi ýaly, ygtyýarnama berilmegine hödürlenen adamlar dünýäniň 7 döwletiniň raýatlary we 16 milletiň wekilleri bolup durýar. Olaryň 99-sy aýal-gyzlar, 47-si erkek adamlardyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanda hemişelik ýaşamak isleýän daşary ýurt raýatlarynyň şahsy ýüztutmalaryna seretmek boýunça degişli işler yzygiderli alnyp barylýar.
Habarda bellenilmegine görä, häzirki wagta çenli 5 müň 294 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.
Şeýle hem bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, hususan-da, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi. Şeýle hyzmatdaşlygyň çäklerinde raýatsyzlygyň öňüni almak we azaltmak, adamlaryň hukuk taýdan goraglylygyny üpjün etmek, şeýle hem bu ugurda Türkmenistanyň toplan tejribesini halkara derejede paýlaşmak boýunça degişli çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanyň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýändigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda” Karara gol çekip, Wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

















