ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
ABŞ-nyň Prezidenti öz gutlag hatynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan etdi. Şeýle hem hatda geçen ýylyň noýabrynda Serdar Berdimuhamedowyň we Donald Trampyň Ak tamda bolan duşuşygy bellenilýär we iki ýurduň arasyndaky diplomatik hem-de ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ynam bildirilýär. Hatynyň ahyrynda Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkyna hoşniýetli arzuwlaryny ýollady.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio hem ABŞ-nyň adyndan Türkmenistanyň halkyny Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy bilen gutlady. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň saýtynda çap edilen beýanda aýdylýar.
Beýanda ABŞ-nyň Türkmenistan bilen söwda, maýa goýumlary, energetika howpsuzlygy we ulag pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň üstünde işleýändigi barada aýdylýar.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň "C5+1" formatyndaky emeli aň we sanlylaşdyrma ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny hem belläp geçdi. Bu hyzmatdaşlyk howpsuzlyk we ykdysadyýet babatda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendir.



33318-495x4352.png)









