Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Baýramçylyk dabarasy bäş welaýatyň, Aşgabat şäheriniň we Arkadag şäheriniň sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konsert bilen başlanyp, bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy.
Ýaryşlaryň maksatnamasyna laýyklykda iki ýaşdan uly atlar üçin 1400-den 2200 metre çenli aralykdaky ýedi çapyşyk geçirildi.
Çapyşyklaryň dürli tapgyrlarynda Näzli, Aýýyldyz, Bendesen, Gönübeg, Maksatly we Gudratlydag atly bedewler öňe saýlandy. Olaryň eýelerine ýurduň pudaklaýyn edaralary tarapyndan 100 müň manat möçberinde pul baýraklary berildi.
Ýaryşyň iň esasy pursady 2200 metr aralyga geçirilen jemleýji çapyşyk boldy. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly bedew birinji bolup pellehana geldi. Bezirgen bedewini seýis Maksatmyrat Agamyradow taýýarlady, çapyksuwar bolsa Begennçmyrat Agamyradow boldy. Ýeňijä Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme Kubogy we döwlet Baştutanynyň adyndan 300 müň manat möçberinde pul baýragy gowşuryldy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Aşgabat, Arkadag şäherlerinde hemd-de ýurduň welaýatlarynda giň gerimli çäreler geçirilýär.

33318-700x5002.png)











