Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin ýurda gelen “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk we “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Duşuşyklaryň dowamynda türk işewürleri Gurbanguly Berdimuhamedowy, Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkyny Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy bilen gutlap, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdiler.
Ahmet Çalyk bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda ösdürilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alşyldy.
“Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşykda bolsa Türkmenistanyň bu kompaniýa bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy hem-de iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyklaryň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna we “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjaga iň gowy arzuwlaryny hem-de alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.






33318-495x4352.png)


33318-90x604.png)



