Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy

BT
Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow (Surat: "Watan" habarlar gepleşigi)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

 

Rustam Minnihanow mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen gutlady. Şeýle hem ol Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi.

 

Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Ol Tatarystanyň Baştutanynyň baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagynyň Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky dostlukly we netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýanydygyny belledi.

 

Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli we netijeli ösdürilýändigi bellenildi. Şeýle hem ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýändigi nygtaldy.

 

Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky gatnaşyklar Russiýa Federasiýasy bilen döwletara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ösdürilýär. Bu ugurda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparyna möhüm orun degişli bolup durýar.

 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar hem-de Türkmenistanyň we Tatarystanyň doganlyk halklaryna abadançylyk, gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdiler.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС