Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul edip, 1200 orunlyk Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň innowasiýalar we öňdebaryjy gazananlar ulanylyp, döwrebaplaşdyrylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Toplumyň açylyş dabarasynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň dowamynda döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belledi.
“Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, şanly sene mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Şeýle hem Ahmet Çalyk ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary derejede ýerine ýetirjekdigini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyga alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
















