Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň atçylyk kompaniýasynyň ýolbaşçysyna ahalteke bedewini sowgat berdi

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň atçylyk kompaniýasynyň ýolbaşçysyna ahalteke bedewini sowgat berdi
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaý Halk Respublikasynyň “Daqing Huiyou Breeding Co.,Ltd.” atçylyk kompaniýasynyň başlygy Liu Şutsine ahalteke bedewini sowgat berýän pursady, 2026-njy ýylyň 29-njy sentýabry, (Surat: TDH)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň “Daqing Huiyou Breeding Co.,Ltd.” atçylyk kompaniýasynyň başlygy Liu Şutsine ahalteke bedewini sowgat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary esasynda, Liu Şutsiniň ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde, olaryň sanyny artdyrmakda we türkmen atşynaslyk sungatyny dünýä ýaýmakda alyp barýan işlerini göz öňünde tutup, 2023-nji ýylda doglan mele reňkli Dosthan atly bedew we oňa degişli güwänama gowşuryldy.

Liu Şutsin ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda bolmagyň we ahalteke bedewiniň sowgat berilmeginiň özi üçin belent mertebedigini aýtdy. Ol kompaniýasynda 1200 baş atyň, şol sanda olaryň 600-den gowragynyň ahalteke bedewleridigini aýratyn buýsanç bilen belläp geçdi.

Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow açylyş dabarasynda çykyş edip, ahalteke atlarynyň türkmen halkynyň milli buýsanjydygyny, bedewleriň ösdürilip ýetişdirilmegi we tohumçylyk işleriniň ylmy esasda alnyp barylmagy boýunça işleriň dowam etdirilýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy 1200 orunlyk bolup, onuň çäginde açyk we ýapyk manežler, çapuw ýodalary, döwrebap athanalar, atlaryň tohumçylyk işini, saglyk ýagdaýyny we beden gurluşyny ylmy esasda öwrenmek üçin niýetlenen barlaghanalar hem-de at çapyşyklaryna tomaşa etmek üçin münberler bar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС