Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde geçirilen toý çapuwyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Ýaryşa ähli welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ussat çapyksuwarlary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ýaryşa Arkadag şäherinden gatnaşýan Daghan atly bedewi ýaş seýis Kerimguly Berdimuhamedowyň taýýarlandygy we onuň çapyksuwary Gurbanguly Berdimuhamedowdygy bellenilip geçildi.

Toý çapuwynyň netijesinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň çapan Daghan bedewi birinji orna, Aşgabat şäherinden T.Pirmyradowyň çapan Şöhratly atly bedewi ikinji orna, Ahal welaýatyndan H.Aşyrowyň çapan Azamat atly bedewi bolsa üçünji orna mynasyp boldy.
Ýaryşda ikinji orny eýelän T.Pirmyradowa "Toyota Fortuner", üçünji orny eýelän H.Aşyrowa bolsa "Toyota Camry" awtoulagy berildi. Baş baýrak — "Range Rover Sport" awtoulagy bolsa, Türkmen halkynyň Milli Lideriniň karary bilen, Şa serpaýy bilen bilelikde, Türkmenistanyň Goranmak ministrligine, ýagny seržant Kerimguly Berdimuhamedowyň gulluk edýän harby bölümine sowgat edildi.
Toý çapuwy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli 29-njy sentýabrda açylan 1200 orunlyk Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň dabaralarynyň çäklerinde geçirildi.









33318-90x604.png)



