Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyşynda bäsleşikleriň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy

BT
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyşynda bäsleşikleriň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze jaýyň açarlary gowşurylan ýaş çatynjalar we olaryň maşgalasy bilen umumy suratda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy, 2026-njy ýylyň 29-njy sentýabry. (Surat: Atavatan)

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde geçirilen toý çapuwynyň, türkmen alabaýlarynyň gözellik bäsleşiginiň we milli göreş boýunça ýaryşlaryň ýeňijileri yglan edildi. Şeýle hem dabaranyň dowamynda durmuş toýy geçirilen ýaş çatynjalara täze ýaşaýyş jaýynyň açary gowşuruldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Ussat çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen toý çapuwynda birinji orna we baş baýraga ýaş seýis Kerimguly Berdimuhamedowyň taýýarlan, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çapan Daghan atly bedewi mynasyp boldy. Ýeňijä “Range Rover Sport” kysymly awtoulagyň açary gowşuryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu baýragy Türkmenistanyň Goranmak ministrligine, ýagny seržant Kerimguly Berdimuhamedowyň gulluk edýän harby bölümine sowgat hökmünde geçirdi. Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Begenç Gündogdyýew awtoulagy uly hoşallyk bilen kabul etdi.

Ýaryşyň netijeleri boýunça ikinji orny Aşgabat şäherinden Şöhratly atly bedew eýeläp, ony çapan T.Pirmyradowa “Toyota Fortuner” kysymly awtoulagyň açary gowşuryldy. Üçünji orny bolsa Ahal welaýatyndan Azamat atly bedewi eýeläp, onuň çapyksuwary H.Aşyrowa “Toyota Camry” kysymly awtoulagyň açary berildi. Şeýle hem türkmen alabaýlarynyň gözellik bäsleşiginde Arwana atly türkmen alabaýynyň ýeňşi “Toyota Corolla” kysymly awtoulag bilen sylaglandy.

Çäräniň dowamynda geçirilen milli göreş boýunça 80 kilograma çenli agram derejesinde M.Nurberdiýew, 90 kilograma çenli G.Hemraýew, 100 kilograma çenli S.Rejepow, 110 kilograma çenli A.Allaberdiýew ýeňiji boldy. Baş pälwanlaryň arasynda bolsa N.Baýdogdyýew ýeňiş gazandy. Aýratyn tapawutlanan pälwanlara ýurdumyzda öndürilen telewizorlar sowgat berildi.

Dabaranyň çäklerinde ýaş çatynjalaryň toýy hem geçirilip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow olaryň durmuş toýunyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna gabat gelmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini belledi we toý sowgady hökmünde ýaşlara täze ýaşaýyş jaýynyň açaryny gowşurdy. Ýaş çatynjalar sowgat üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022