Hazar deňziniň daşky gurşaw ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen “Hazar deňzini arassalamak” (“Blueing the Caspian Sea”) taslamasy BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy (UNEP) we BMG-niň Taslamalar boýunça hyzmatlar edarasy (UNOPS) tarapyndan durmuşa geçiriler. Bu barada Azerbaýjandaky BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko aýtdy diýip, “AzerNews” habar berýär.
Şlapaçenkonyň aýtmagyna görä, taslamanyň esasy maksady Hazar deňziniň hapalanmagyna gözegçiligi güýçlendirmek, biodürlüligi gorap saklamak we sebit derejesinde daşky gurşaw hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybarat. Şeýle hem bu başlangyç Azerbaýjanyň we beýleki goňşy döwletleriň Hazar deňzini goramak boýunça ylmy we institusional mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga ýardam eder.
Ählumumy ekologiýa gaznasynyň (GEF) maglumatlaryna görä, “Hazar deňzini arassalamak” taslamasyny durmuşa geçirmek 2026-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda tassyklandy. Türkmenistany, Azerbaýjany we Gazagystany öz içine alýan taslama Hazar deňzinde hapalanmaga gözegçiligi we biodürlüligi goramagy güýçlendirmäge gönükdirilýär. Şeýle hem bu taslama üçin GEF 11,74 million ABŞ dollary möçberinde grant bölüp berdi.
Taslamanyň milli ugry Bütindünýä banky tarapyndan amala aşyrylýar we UNOPS tarapyndan ýerine ýetirilýär. UNEP bolsa sebitleýin ugur boýunça işleýär. UNOPS-yň maglumatlaryna görä, taslama milli derejede hapalanmaga gözegçilik ulgamlaryny, daşky gurşaw maglumatlaryny we biodürlüligi goramak boýunça meýilleşdiriş mümkinçiliklerini güýçlendirmäge gönükdirilendir.














