Türkmenistanyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary Ý.Gülmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 29-njy sentýabrda Astanada geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň çäklerinde sanly innowasiýalar boýunça maslahata gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Maslahatyň açylyş dabarasynda türkmen wekiliýeti Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, durmuşa geçirilýän başlangyçlar we gazanylan netijeler barada maglumat berdi, şeýle hem bu ugurda geljekki ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi.

Mundan başga-da, maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-niň degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem DFC, CRDF Global, CIPE we CLDP ýaly hyzmatdaş guramalaryň wekilleri gatnaşdy. Hususy pudagyň we halkara bilermenler jemgyýetiniň wekilleri hökmünde "Meta", "Oracle", "Honeywell Technologies", "Wabtec", "McKinsey", "EPAM", "Plug and Play we Alchemist Accelerator" ýaly kompaniýalaryň hem-de guramalaryň wekilleri öz tejribelerini we häzirki zaman tehnologik çözgütlerini hödürlediler.
Maslahatyň dowamynda sanly innowasiýalaryň ösüşi we olaryň ykdysady ösüşdäki orny bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar öňdebaryjy tehnologiýalaryň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmek, sanlylaşdyrmak we emeli aňy ösdürmek boýunça esasy ugurlar hem-de ileri tutulýan wezipeler, şeýle hem bu ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.

















