“Nicklaus Companies” kompaniýasy Türkmenistanda golf meýdançalaryny gurmaga gyzyklanma bildirýär

BT
“Nicklaus Companies” kompaniýasy Türkmenistanda golf meýdançalaryny gurmaga gyzyklanma bildirýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Nicklaus Companies kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşygy. 2026-njy ýylyň 10-njy oktýabry. (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Amerikanyň “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz 10-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanda dürli sebitlerde golf meýdançalaryny gurmaga kompaniýanyň gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Jon Rizi mähirli garşylap, onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanda golf sportuny ösdürmäge goşýan goşandyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a amala aşyran saparyny we “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlady. Jon Riz bolsa çärelere gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirip, Aşgabatda döwrebap saglyk merkezleriniň açylyş dabaralaryna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Duşuşykda Türkmenistanda ýokary netijeli sporty, şeýle hem dynç alyş we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigi bellenildi. Bu ugurlar döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň hatarynda bolup, ýurduň durnukly ösüşine ýardam edýän möhüm şertler bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Lider ýurtda golf bilen meşgullanmaga-da mümkinçilik berýän döwrebap syýahatçylyk we sport düzümleriniň döredilendigini, munuň bolsa golf bilen meşgullanýan ýaş nesliň kemala gelmegine şert döredýändigini nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda gurlan golf meýdançasynyň, esasan-da ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygyny belläp, Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem döwrebap golf meýdançalaryny gurmagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Şeýle hem bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn ünsi çekdi.

Jon Riz saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan “Nicklaus Companies” kompaniýasy üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň uly hormatdygyny belledi. Ol ýurduň dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýandygyny we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin degişli hukuk binýadynyň döredilendigini nygtady. Jon Riz kompaniýanyň ykdysady kuwwaty ýokary bolan Türkmenistanyň dürli künjeklerinde golf meýdançalaryny gurmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, ýurtda golf sportunyň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigine buýsanýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda “Milli Lider” Nicklaus Companies kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanda golf sportunyň ösdürilmegine we onuň giňden wagyz edilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi hem-de Jon Rize alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

2022