Aşgabatda DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň mejlisi geçirilýär

BT
Aşgabatda DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň mejlisi geçirilýär
Aşgabatda DARYA sebit maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň bäşinji mejlisine gatnaşyjylar, 2026-njy ýylyň 14-nji oktýabry (Surat: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi)

Aşgabatda 2026-njy ýylyň 13–14-nji oktýabrynda Hazarüsti ulag geçelgesiniň ösüşiniň çäklerinde ulag-logistika pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamaga bagyşlanan DARYA sebit maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň bäşinji mejlisi geçirilýär. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy habar berýär.

Mejlise Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşýar. Şeýle hem halkara mejlise Ýewropa Bileleşiniň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduards Stiprays gatnaşyp, çäräniň açylyşynda gutlag sözi bilen çykyş etdi. Gatnaşyjylar maslahatyň dowamynda hünärli işgärleri taýýarlamak, ulag-logistika pudagy üçin zerur hünär başarnyklaryny ösdürmek we sebit ýurtlarynyň arasynda tejribe alyşmak meselelerine garaýarlar.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa çykyş edip, halkara we sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmekde ulag arabaglanyşygyny ösdürmegiň ähmiýetini belledi. Ol ulag geçelgeleriniň netijeli işlemeginiň diňe bir döwrebap infrastruktura däl, eýsem, hünärmenleriň taýýarlyk derejesine hem baglydygyny nygtady. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda döwlet edaralarynyň, bilim edaralarynyň we hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda tejribe alyşmak, şeýle hem hünärmenleri taýýarlamak babatda sebit hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny kesgitlemek meselelerine hem seredilýär.

DARYA (“Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmek üçin dialog we hereket”) maksatnamasy Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär we Ýewropa Bilim Gaznasy tarapyndan 2022–2027-nji ýyllarda durmuşa geçirilýär. Maksatnamanyň býujeti 10 million ýewro deň bolup, ol Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunda hünär bilimini goldamaga we hünär başarnyklaryny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

2022
ENG TM РУС