“Hazar Logistik” hytaý kompaniýasy bilen logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

BT
“Hazar Logistik” hytaý kompaniýasy bilen logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
“Hazar Logistik” hojalyk jemgyýetiniň Hytaýyň "Xian Zongheng Multimodal Transport Co., Ltd" kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşygy, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: “Hazar Logistik”)

“Hazar Logistik” hojalyk jemgyýeti Hytaýyň "Xian Zongheng Multimodal Transport Co., Ltd" kompaniýasynyň wekiliýeti bilen iş duşuşygyny geçirip, logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada kompaniýa çarşenbe güni özüniň sosial sahypasynda habar berdi.

Duşuşyk Aşgabatdaky “Hazar Logistik” kompaniýasynyň ofisinde geçirilip, Hytaýyň "Xian Zongheng Multimodal Transport Co., Ltd" kompaniýasyna Dai Jiang ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki ugurlaryna garadylar. Şeýle hem taraplar halkara ýük daşamalarynyň gerimini giňeltmegi, täze logistika ugurlaryny döretmegi we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

“Hazar Logistik” Türkmenistanda halkara ýük daşamalary, multimodal logistika, gümrük taýdan resmileşdiriş, ammarlyk hem-de eksport-import hyzmatlaryny hödürleýän hususy logistika kompaniýasydyr. Ol Merkezi Aziýa, Ýewropa, Hytaý we beýleki ugurlar boýunça ulag-logistika çözgütlerini hödürleýär hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.

2022