Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde noýabr aýynda geçiriljek “Hytaý halkara import EXPO” sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony gurnalar. Şunuň bilen baglylykda alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, “Hytaý halkara import EXPO” sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýurtda öndürilip, dünýä bazarlaryna çykarylýan giň görnüşli harytlar, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri, şeýle hem türkmen halkynyň milli-medeni mirasy bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem serginiň çäklerinde Türkmen-hytaý işewürler forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň halkara sergilerine gatnaşmagynyň milli önümleri daşary ýurt bazarlarynda ilerletmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutany wise-premýere “Hytaý halkara import EXPO” sergisine Türkmenistanyň milli pawilýony bilen ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

















