Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa “Ene — tebigat” atly halkara sergisine gatnaşmak üçin 19-njy oktýabrda Aşgabat şäherine geldi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşigi habar berýär.
Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Leýla Aliýewany Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa garşylady.
Şol gün Leýla Aliýewa Arkadag şäherine tarap ugrap, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasyna baryp gördi. Bu ýerde myhmany gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa mähirli garşylady. Taraplar bu ýerde ikiçäk duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar, hususan-da Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alşyldy.
Duşuşygyň dowamynda Leýla Aliýewa Türkmenistanda bildirilen myhmansöýerlik we türkmen paýtagtynda «Ene — tebigat» atly serginiň geçirilmegine döredilen mümkinçilikler we berlen ýardam-goldawlar üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Leýla Aliýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi bilen tanyşdy. Saparyň dowamynda myhman gaznanyň bejeriş bölümlerinde alnyp barylýan işler, şol sanda çagalaryň bejergisi we olara edilýän lukmançylyk kömegi bilen tanyşdy.
Saparyň çäklerinde Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Leýla Aliýewa “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etmek üçin Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine bardy. Bu ýerde türkmen bedewleriniň gözelligini we çapyksuwarlaryň ussatlygyny görkezýän çykyşlar, şeýle-de milli at üstündäki oýunlar görkezildi.
“Ene — tebigat” atly halkara sergisi Geýdar Aliýew adyndaky gazna hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde guralýar.













