Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we ABŞ-nyň Döwlet sekretary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we ABŞ-nyň Döwlet sekretary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň 2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Samarkantda geçiren duşuşygy. (Surat: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi)

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio 2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Samarkant şäherinde geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Taraplar iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alyp barýan tagallalaryna oňyn baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Waşingtonda geçirilen "Merkezi Aziýa – ABŞ" (C5+1) formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň ähmiýeti bellenildi.

Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ýokary derejeli öňde boljak duşuşyklaryň we syýasy geňeşmeleriň tertibini ylalaşdylar.

Duşuşyga ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Sergio Gor hem gatnaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022