AÖB-nyň bilermenleri türkmen telekeçileri üçin BSG-niň standartlary boýunça okuw geçirerler

BT
AÖB-nyň bilermenleri türkmen telekeçileri üçin BSG-niň standartlary boýunça okuw geçirerler
Aziýa Ösüş bankynyň we Türkmenistanyň wekilleriniň duşuşygy (Surat: THP)

Aziýa Ösüş bankynyň (AÖB) wekiliýeti Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmaga taýýarlyk görmegi bilen bagly meseleler boýunça Aşgabatda maslahatlary geçirýär. 24-nji oktýabra çenli dowam etjek okuw sapaklarynyň çäginde 21–22-nji oktýabrda türkmen telekeçileri üçin ýörite okuw maslahaty hem guralar. Bu barada THP habar berýär.

Bankyň wekiliýetine AÖB-niň integrasiýa we hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça sebit ýolbaşçysy Asad Alim ýolbaşçylyk edýär. Gepleşikleriň esasy meýdançasy hökmünde Türkmenistanyň BSG-ä goşulmak işini utgaşdyrýan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi çykyş edýär.

Maslahatlara Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň wekilleri gatnaşýarlar. Bilermenler Daşary söwda düzgüni baradaky Ähtnamanyň taslamasyny, BSG-niň standartlaryna laýyklykda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak meselelerini hem-de Merkezi Aziýa Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) maksatnamasynyň çäklerinde tehniki kömegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Saparyň maksatnamasynda hususy pudaga aýratyn üns berilýär. “Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy: hususy pudagyň taýýarlygy, bazarlara elýeterlilik we eksport mümkinçilikleri” atly okuw maslahaty Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçiriler. Oňa gatnaşyjylar BSG-niň hukuk mehanizmleri, eksport harytlaryna bildirilýän halkara talaplar we dünýä söwda ulgamyna goşulyşmak arkaly açylýan täze täjirçilik mümkinçilikleri bilen tanyşarlar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022