Oguljahan Atabaýewa, Leýla Aliýewa we Saida Mirziýoýewa üçtaraplaýyn duşuşyk geçirdiler

BT
Oguljahan Atabaýewa, Leýla Aliýewa we Saida Mirziýoýewa üçtaraplaýyn duşuşyk geçirdiler
Leýla Aliýewanyň (sagda), Oguljahan Atabaýewanyň (ortada) we Saida Mirziýoýewanyň Aşgabatda geçiren üçtaraplaýyn duşuşygy, 2026-njy ýylyň 20-nji oktýabry. (Surat: “AZERTAC”)

Aşgabatda 20-nji oktýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň, Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Bu barada "AZERTAC" habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Aşgabatda geçirilýän MAMA "Ene — tebigat" atly halkara sungat sergisiniň umumy ruhy-medeni gymmatlyklar we durmuş-ynsanperwer meselelerine bolan garaýyşlaryň ýakynlygy esasynda ýurtlary birleşdirýän möhüm waka bolup durýandygyny belledi.

Oguljahan Atabaýewa daşky gurşawy goramagyň hem-de sebit we halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini nygtap, serginiň daşky gurşawy goramak ugrunda anyk ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Leýla Aliýewa bilelikdäki tagallalar arkaly ekologiýa ulgamynda köp sanly möhüm taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkindigini aýtdy. Ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasyna baryp görendigini aýdyp, bu ýerde çagalara uly üns berilýändigine hut özi göz ýetirendigini belledi. Onuň pikirine görä, sergi haýyrly işleriň ýolunda ýene bir ädim bolar.

Saida Mirziýoýewa şeýle duşuşyklaryň, şol sanda adamlaryň aladasyny etmek we geljegi şu esasda gurmak ýaly umumy maksatlar ugrunda tagallalary birleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Ol her bir çaga üçin ejesiniň ýanynda özüni howpsuz duýmagyň, söýülýändigini we ony hemişe diňlemäge taýýardyklaryny bilmegiň örän möhümdigini belledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022