Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçiriler

BT
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçiriler
Türkmen-hytaý işewürler forumy, 2026-njy ýylyň 28-30-njy apreli, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: “Altyn Asyr” elektron gazeti)

Hytaýyň Şanhaý şäherinde 2026-njy ýylyň 6–7-nji noýabrynda 9-njy Hytaý Halkara import sergisiniň (CIIE) çäklerinde türkmen-hytaý işewürlik forumy geçiriler. Çärä iki ýurduň döwlet edaralarynyň wekilleri we işewür toparlary gatnaşarlar. Bu barada “TMT Consulting Group” habar berýär.

Forum Şanhaýyň Halkara söwdany ösdürmek boýunça geňeşi (CPIT Shanghai), “TMT Consulting Group”-yň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Şanhaýyň Halkara söwda palatasy (COIC Shanghai) tarapyndan guralýar.

Forumyň esasy ugurlary ikitaraplaýyn söwda, senagat hyzmatdaşlygy, oba hojalygy, döwrebap tehnologiýalar we sanlylaşdyrma, ulag-logistika, üstaşyr geçelgeleriň mümkinçilikleri hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlyk bolar. Gatnaşyjylar Hytaýyň kompaniýalarynyň baş edaralaryna we önümçilik desgalaryna hem baryp görmek mümkinçiligine eýe bolarlar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň wekilleriniň arasynda işewür gatnaşyklary ýola goýmak, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny öwrenmek we bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik dörediler. Mundan başga-da forumyň çäklerinde G2G we B2G hem-de kompaniýalaryň arasynda B2B görnüşli duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.

Foruma gatnaşmak üçin www.tmt.tm saýty arkaly hasaba alnyp bolar. Goşmaça maglumatlary +993 12 39 88 53, +993 61 776088 telefon belgilerine jaň etmek, şeýle hem info@cci.gov.tm we ferd2@cci.gov.tm elektron salgylaryna ýüz tutmak arkaly alyp bolar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022