Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisi arkaly 10 million tonna türkmen nebiti eksport edildi

BT
Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisi arkaly 10 million tonna türkmen nebiti eksport edildi
Adana welaýatynyň günortasynda, Jeýhan etrabynda ýerleşýän Geýdar Aliýew adyndaky nebit terminaly. (Surat: AA)

Baku–Tbilisi–Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly 2023-nji ýyldan 2026-njy ýylyň awgust aýyna çenli 10 million tonna golaý türkmen nebiti daşaldy. Bu barada Azerbaýjanyň energetika ministriniň orunbasary Kemal Abbasow Aşgabatda geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026” (OGT 2026) atly halkara maslahatynyň plenar mejlisinde aýtdy.

Abbasowyň aýtmagyna görä, Azerbaýjan bilen Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda nebitgaz pudagynda, hususan-da, çig nebitiň, nebit önümleriniň we nebithimiýa önümleriniň söwdasy boýunça ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Şeýle hem Abbasow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2026-njy ýylyň 22–23-nji iýunynda Azerbaýjana amala aşyran saparyny ýatlatdy. Saparyň netijeleri boýunça iki ýurduň liderleri Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň energetika pudagyndaky uly mümkinçiliklerini görkezýän bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Baku–Tbilisi–Jeýhan (BTJ) nebit geçirijisiniň uzynlygy 1768 kilometre deň bolup, ol Hazar deňzinden Ortaýer deňzine çenli çig nebiti daşamaga niýetlenendir. Azerbaýjanyň Baku şäherinden başlanýan geçiriji Gruziýanyň üstünden geçip, Türkiýäniň Ortaýer deňziniň kenaryndaky Jeýhan portunda tamamlanýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022