Ýanwar-awgust: Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $361 milliondan geçdi

BT
Ýanwar-awgust: Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $361 milliondan geçdi
Ýükleriň daşalyşy (Surat: kaztamozhservice.kz)

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda 361 million 363,8 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Gazagystanyň Milli statistika býurosynyň maglumatlarynda habar berilýär.

Hasabat döwründe Gazagystanyň Türkmenistana eksporty 232 million 981 müň ABŞ dollaryna, Türkmenistandan importy bolsa 128 million 382,8 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

2026-njy ýylyň ilkinji sekiz aýynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,3 göterim ýokarlandy. 2025-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda bu görkeziji 330 million 580,1 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Resmi statistiki maglumatlara görä, 2025-nji ýylda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 515 million 534,8 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022